Ene-ata krizisi
Dert iberen alla bir gün
dermanyn hem iberermiş,
otur diýýär ene-ata,
diýýär goşma başyň gowga,
samsyk bolma, akylly bol,
oýun etme döwlet bilen,
gaýdyp gelýän däldir ölen,
çagalary çekilýärler,
yza, yza, yza ýene,
dert iberen alla bolsa,
dermanyny unudan dek,
azan hany azdyryp has,
ezileni ezip beter,
dert iberýär üstesine.