Betbagtçylyk
Adam saňa bagtyny däl duşanda,
betbagtlygyn gürrüň berse tüketmän,
aýyplasa özgleri, özüni,
bütin dünýä bolsa günäkär, asy,
gidensoňam dursa gözüňden gitmän,
ýa çykmasa ýataňda-da kelläňden,
käýinersiň, uly adam, jany sag,
iýjegi, içjegi gaýgy däl asla,
üstünde jaýy bar, bergisi berlen,
maşyny bar, sürse eger gysganman,
emma duşup, eger-eger bagtyn däl,
betbagtlygyn gürrüň berse tüketmän,
meger, görýär sende özi dek betpäl.