Terrorçy döwlet

Biziň ejemizi öldüren döwlet,
biziň kakamyzy öldüren döwlet,
gyzyl terror bedewinden düşmedik,
basyp balan ata-baba ýurdumyz,
zamun alyp aga, ini, uýamyz,
ýolumyza göz dikeniň kyrkyna,
ýylyna-da goýbermedik, eý, aman,
ýene näçe ene-ata öldürer,
ýene näçe ölmez eder, güldürer,
ýene näçe el çarpdyrar gullara,
ýene näçe tans etdirer pul berip,
hajy bolan dindarlara, imansyz,
ýene näçe oglan-gyzy kör eder,
ýene näçe gelinleri ker eder,
ýene näçe ýigitleri ýer eder,
ölmez-ödi degse kaýyl agzyna,
ölüm ýassygyndan tirsegne galyp,
diýýär biri: Eý, şoň adyn agzama!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021