Müşgül

Başlamadyk işiň bitirmek müşgül,
tapmadyk ýoluňy ýitirmek müşgül,
gözsüz öňüň görmek, aýaksyz ýörmek,
elsiz eliň şaha ýetirmek müşgül.

Gitmedik ýeriňden getirmek müşgül,
atmadyk daňlary batyrmak müşgül,
il içinde ören bolsa iki-üçlek,
tuty-suty bilen ýatyrmak müşgül…

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019