Eger adam satylmasa

Eger-de adamy atyp bolmasa,
eger-de adamy asyp bolmasa,
ýa-da türmäň işiginde igledip,
dymmalar görüne gysyp bolmasa,
saklamasaň, geplese ol gepini,
ýagşy-ýaman açjak bolsa sepiňi,
ýa-da açsa gözün iliň, kör bolan,
nätjek tutman gep topuna adamy,
çünki köplük gulagyndan, gözünden
idilýändir, asylýandyr;
eger adam atylmasa, bolmasa,
eger adam satylmasa, bolmasa,
ony görýän ýa diňleýän mähelle,
üşüginden asylýandyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021