Taryh, sen we nisiller

Sen taryhyň dogry, düzüw
tarapynda galjak bolsaň,
aýtjak bolsaň dogry, dürsi,
egriň ýüzün aljak bolsaň,
eger-eger, hiç bir döwür,
köplük bilen bolman höwür,
ýeke galyp, urularsyň,
sürgünlerde sürülersiň,
ölmän galsaň, hudaý halap,
täze nesil gelip bir gün,
günäkärlär iliň ogly,
ýa-da dyman ataň gyzy,
bir setiriň okamadyk,
bir kilimiň dokamadyk,
bir keçäňi basyşmadyk,
basyşmak däl, gülleşmedik,
ne ýolda, ne yzda ömür
görüşmedik, elleşmedik,
tanan ýaly, bilen ýaly,
ýa ogurlyk edip durkaň,
gapyl basyp, gelen ýaly,
gazap bilen sorar senden:
nirä gitdiň, nirde bolduň,
il-gün guma garylýarka,
haýsy bala çümüp galdyň?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024