Migrant hakykaty
Aýal diýdi, oba gyzy,
okuw, bilim paralydy,
baýlar, begler üçin diňe,
garyp bolsaň, tapan işiň
garbap alyp, etmelidi,
hiç gitmejek ýerleriňe
etek alty ýetmelidi,
emma azap eklemedi,
aýtjak bolduk, diýjek bolduk,
ene-ata edaly bol,
sus gyz diýdi, gepleme-de,
garaş diýdu içe salyp,
ýat illere çykdyk çörek,
durmuş gözläp on ýyl ozal,
indi ne-hä ene-ata,
ne ýurdumyz galdy, alla,
bar ýalkanyň ogry-jümri,
halal adam galdy ýolda.