Aklyň bolsa
Aklyň bolsa, ýahtaň bolar bir däne,
güýçli bolsaň, bolar onuň ikisi,
iň gowusy, gowusyndan gowusy,
pul diýilýän geler durar towusyp,
dogry, dili uzyn tapylar mydam,
ogry diýer, jümri diýer, biznesi
başarmaýan, eli gelmeýän nadan,
ýöne at diýeniň atarlar baryp,
ýa-da başga usuly kän, täri kän,
iýjegine zäher gatarlar garyp,
balmy-şeker ýa-da galam-gaş bilen,
aýdypdyrlar gowy güler soň gülen,
millet garyp düşse, tozsa, dargasa,
görkez münüp, gezim edip gämiňi,
özüň ýaly akyllyny çagyr-da,
balyjak tut, çakyrjyk iç, güneşle,
alla berýär diýip, ymsynar tentek,
düşünýäni susdurarlar köp bolup,
aýallary diýer wagty däl entek.