Ogurlanan ömür

Daşary ýurtdaky çagalary bilen gürleşenlerinde hiç zada goşulmazlygy tabşyrýan ene-atalar köpelýär. Telefon gürrüňinden

Olar bir däl, iki-de däl durmuşda,
köplük boldy, köplük bolar ýene-de,
ömürlerin ogurladan, aldyran,
dünýä inip gyrnak bolan eneden.

Sebäbi azatlyk getirýän diýip,
ilki biri, soň başgasy gelipdi;
basyp alan gutulmadyk adamyň
bolup biljek ähli zadyn alypdy.

Indi başga alajy ýok, öwrenen
işin edýär ata bolan ýa ene,
hiç ýerde görünme diýýärler çaga,
ogurlanan ömür kän bolar ýene.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024