Ýaşulyny sylamaly...
Ýaşulyny sylamaly, elbetde,
ýaşkiçini sylamaly, dessurdyr,
emma ýaşulular sylamaz seni,
ýaşkiçiler sylamazlar asla-da,
ýüzüňe urarlar elleri ýetse,
dalarlar daş atyp, dilleri ýetse,
adyň, abraýyň bolsa, bolmasa,
parhy bolmaz ýagşy, ýaman iş etseň,
sebäbi kemsitmek kesbi kiçiniň,
öz deňinde çaklajak bor, gitmersiň,
çirkizjek bor, ýakjak bolar oduna,
meger, öz ýanygyn az görer köýen,
-maly, -meli, mydam nägile bolar,
seresap bol açyk ýaraň bar bolsa,
galybyna saljak bolar gutaran,
öz çenini bilmez adam dar bolsa.