Gaňňa meselesi

Gowy adam boljak bolma il üçin,
hemmäniň göwnüne bilmersiň ýetip,
gowy adam amatlydyr, öňýeten
eşek edip münjek bolar, odun-suw
daşajakdyr, maşgala bar, çaga bar,
dogry, durmuş şeýle, gamyş köprini,
ýykmajak bolmaly, ini, aga bar,
goňşy-golam, dosty-ýaryň, kärdeşiň
göwnüni görmeli bolýar ýylgyryp,
sypaýylyk, sylag-hormat gowusy,
her bir islän sözün diýmez düşünýän,
saklar çykjak gaharyny towusyp,
ýöne gowy boljak bolma il üçin,
boluşyň bol, aldama-da özüňi,
ýa aldama özgeleri, gaňňasyn
saljak bolup, pikir etmesin hatda,
adam bolup galjak bolsaň aýatda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024