Il problemasy
Öz-özüni tanamasa, bilmese,
ýa özüne hiç bolmasa sylagy,
bolmasa hormaty adama asla,
ýa aňmasa ýalan sözi, çyn sözi,
geçmiş näme, şu gün näme, gelejek
nähili bolmaly, pikir etmese,
ýa-da bilip, bilenine gitmese,
oýun etse çynyň çyny gelende,
garym-gatym edip ýaşasa, gezse,
elin çarpyp aglamaly gününe,
uludan toý tutsa sowuryp, seçip,
öz-özüni edip özüne gaçy,
geçmeli böwetden bilmese geçip,
tanamasa özgeleri azajyk,
iller nirä barýar, nireden gelýär,
ýa bilmese niýetini kesekiň,
içden, daşdan dogan bolup oýnaýan,
ogly bolan bolýan milletiň, iliň,
akyly bolmasyn jinnek ýalaky,
ýa bilimi, düşünjesi hiç hili,
eger özi nogta bolsa özüne,
eşek edip müner öňýeten ili.