Iri adamlar
Olar jennet oýnun oýnaýar irmän,
olar dowzah oýnun oýnaýar arman,
kast eden pes bolar diýýärler hemem
ýakyn gitse, aglaýarlar ses edip,
ýatan ýeriň ýagty bolsun diýýärler,
dogulanyň bagty bolsun diýýärler,
ýatsa, tursa çagyrýarlar allany,
ýöne ýalan sözden çekinmän biri,
muny bilýär hem ölenler, hem diri,
belki, dogulmadyk çagalar bilýär,
sakgally, sakgalsyz agalar bilýär,
sebäbi görýärler öldürilýäni,
hem görýärler güldürilýän pulmesi,
ölmez-gülmez edilýäni görýärler,
ýok, agzama, başga zibil dörýänler,
metjit gurýan başga, başga mekdebi,
çagalar baglaryn gurýan goçaklar,
köşgi-eýwan gurup, urýan goçaklar,
olar jemmet oýnun oýnaýar irmän,
olar dowzah oýnun oýnaýar arman,
kast eden pes bolar diýýärler, oglan,
gorkarmy, ürkermi uruşda doglan,
hiç bir olja almaz ýolundan sowlan,
bilýär olar ýok diýilýän hak, hudaý,
bar bolsa-da, ynanmaýar hiç biri,
sebäbi ählisi mädesi iri.