Özüne ýat adamyň ykbaly
Ol ses baryn ýazyp aldy bildirmän,
tanyş-biliş, kärdeş, tapawudy ýok,
gelejekde basmak üçin ýüzüne,
bu öz sözi, meniňki däl birjik-de,
ol açygyn ýazyp aldy özgäniň,
erkek bolsun, aýal bolsun, parhy ýok,
öýüne çagyryp, öýüne baryp,
birden eşigini çykarsa bilmän,
ýa-da adam ýaly adam saýsalar,
bile hamyr ýa başga zat ýaýsalar,
ertir diýenini etmese birden,
bazyladyp basar ýaly ýüzüne,
gandal eder ýaly sözün ynsanyň,
türme eder ýaly bar bolsa aýby,
bu öz sözi, meniňki däl birjik-de,
dosty ýokdy, duşmanydy bar kişi,
iýip-içsin ýa tirkeşsin ýüz ýyllap,
dini-iman ýa-da başga bir ynam,
mukaddeslik ýokdy pahyrda asla,
üstesine bilen bolup bar zady,
bütin dünýä bilen jedel edýärdi,
gygyrýardy eger tutsaň gepinde,
ýa saklajak bolsaň açan sepinde,
ähli ýaragyny girizip urşa,
nadaralyk bilen basýardy aşak,
şeýdip bende bet ýaşady özüçe,
ýüreginde agyr daşlary daşap,
beýnisinde daşap hapa-harsyny,
ýazyşan hatlaryn ýygnap, ýygşyryp,
gelejekde açmak üçin bat bilen,
bu öz sözi, meniňki däl birjik-de,
gynanarsyň, öz-özüne ýat bolan,
ýaşar ömrün ýeke galyp, ýat bilen.