Ölmeýän gürrüň

O biriniň gürrüňini etdiler,
ilki sowetleriň atly şahyry,
soňra erkinligiň şahyry boldy,
at-dereje bilen bolunýan bolsa,
sylag aldy, orden aldy, at aldy,
halaýan kän il içinde, daşarda,
ozal kolhoz başlyklaryn öwerdi,
soňra iň esasy başlygy öwdi,
gerek däl hiç üýtgeşik söz, aňlatma,
patyşalyk gerek diýip tanaldy,
dilinde ynsaply, adalat islän,
eden işin, ikiýüzli durmuşyn
bilýärdiler näme ýazsyn, ýazmasyn,
çünki mollaň edenini etmezler,
adam satyp oglanlykdan, bolşewik,
basyp alan bilen bolup dost, şärik,
arasynda ogurlykda tutulyp,
aklap ogry kakasyny, hamala,
pida bolup oýnan ömür boýuna,
bir adamyň gürrüňini etdiler,
soňabaka ýüzün gowy açansoň,
il içinde bar hormaty gaçansoň,
pahyr öldi ýeke galyp öýünde,
gürrüňin etmegi goýdular onuň,
sebäbi gowy däl giden yzyndan
daşmy-kesek salan bolup gomalmak,
ýöne gürrüň ölen bilen ölmeýär,
eger-de çyn bolsa, ýaşaýar uzak,
o biriniň gürrüňini etdiler,
köp bilip, özüne gurupdy duzak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024