Beýiklikdäki peslik
Açygyny tap diýerler adamyň,
hiç bolmasa tosla, töhmet atjaklar,
gybatyn etjekler kändir mugtuna,
duşmany bar adam bolsa idili,
ýa-da mätäç, alaçsyz kän, çöregin
diňe diýlenleri edip gazanýan,
iýjegin dik aşak gidip gazanýan,
a köplük süri bor, ynanar kime
näme diýseň, gulagyndan idiler,
adam bolsa, aýby bardyr, akja guş
bolup bolmaz dünýä gelip, ölmeseň,
açygyny tap diýerler adamyň,
ýa-da döret eger tapyp bilmeseň.