Paýlaşylmadyk ýük
Belki, senem bu pikiri edýänsiň,
ýöne dymýaň otuz alty ýyl bäri,
sebäbi aýbyň bar aýdyljak açyk,
ýa bolmasa toslanyljak, tapyljak,
ýüzüňe durjak kän, aljak kän aryn,
pursat bolsa, arka diräp döwlete,
mynjyratjak bolsa, bolmasa şarpyk
çalyp galjak ýüzüňe ýa ýeňsäňe,
meger, şeýdip çäji ýok edýär harpyk,
eger birje gezek sözleseň rastyň,
maňa bu ýük agyr düşmezdi, dostum.