Bir damja syýa

A drop of ink may make a million think. Lord Byron

Olar oýlanmady, pikir etmedi,
syýaçüýşe döwülende daş bilen,
gurady içinden dökülen syýa,
gany ýaly meniň esger agamyň,
Belarusda öldürilen uruşda,
tapylmady soň hiç syýa gözläne,
üstesine akyllydy ulus-il,
pitçiň atan bolup sözün sözläne,
ýüzün alyp, ýa eşitmän, gülüşip,
ýaşadylar, indi durlar nobatda,
döwüm çörek, çilim üçin ölüşip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024