Dostuň bolmasa
Dostuň bolsa, aýdar saňa ýalňyşyň,
galdyrmaz aşakdan ýykylsyn diýip,
gülki bolsun diýip dünýä, ýakynyň
duşman ýaly gülüp, duzuňy iýip,
iteklemez seni çukura gardaş,
eneň, ataň, ogul-gyzyň, idili
adam bolsaň aýdar däliň, ýetmeziň,
diňlärsiň sen, düzedersiň kemiňi,
ýok, diýdiňiz diýip, etmän galmagal,
ýöne, walla, hiç bir dostuň bolmasa,
bolmasa ýakynyň dogan-gardaşda,
ogul-gyzyň duşman, keseki ýaly,
ýüzüňe ýylgyrar, yzyňdan söger,
bolmadymy ozal, bolmazmy indi,
ýüzükli han ýaly ölersiň ýeke,
geler ol gün, günüň bolsa ikindi.