Gorkunç kino
Bu gybat däl ýa-da töhmet,
goşulan-da, aýrylan-da ýok asla,
görseň diýýäň örän agzybir millet,
orny bar adamyň ýürekde, törde,
çagalaryn, öý-içeri, daşyny
soraýarlar ýeke-ýeke, atma-at,
soň gutarýar kino, alla,
diýýäň nädip gördüm gorkman,
olar bir-birini sylaýar, emma
yzyndan diýýärler KGB hökman.