Milletiň ölümi
Sözüni öldürýär millet,
özüni öldürmän ilki,
manysyny ýoýýar täzäň
don geýdip elki, selki,
sylan bolup gorkanyny,
bütin dünýä bolýar gülki,
çünki sözün ýok edensoň,
ýa edensoň tanalmaz dek,
gurda diýip şagal, tilki,
ýa garsaga diýip arslan,
näçe agyr gelse gelsin,
gelse gelsin näçe uzak,
alsa alsyn köpläp, birden,
agyrtmaýar ajal, belki.