Zäherlenen ömür
Zäherli adamdan, alahöwrenden
gaçan ýaly gaçyp bilseň,
bolman ara açyp bilseň,
durup bilseň uzagyrak,
çakdyrmasaň günde ýa-da günaşa,
ýagtylar gijeler, giňeler dünýäň,
muňa adam kän awunyp düşünýär.
Doganyň ýa dostuň, ýa-da duşmanyň,
parhy bolmaz zäherlese günüňi,
sen özüňi goramaga mejbursyň,
gitjek bolsaň, görmelisiň öňüňi,
seretmeli sagyň bilen sola-da,
hem ýeňsäňde mydam açyk, eserdeň
gözleriň bolmaly adam tanaýan,
ýogsa seni aýamazlar, goýmazlar,
ýa goýarlar ýaraň bilen, ganaýan.