Hojaýyn bolçulygy

Any person capable of angering you become your master. Epictetus

Bilýän, indi sözüň kömegi degmez,
delalaty ýetmez goşgy, gazalyň,
basyp alan bermez ýurdy meýletin,
bermez hatda tutawajyn azalyň,
aç galmazlyk üçin ir ertir turup,
ýer sürjege, arpa, bugdaý ekjege,
açyk gapy diýip ýapylan gapy
hamyt boldy maňlaý derin dökjege.

Bilýän, indi altyn pula alynan
traktorlor kömek etmez millete,
ýa gidenler getirilmez yzyna,
uçarlary uçurmazlar, sebäbi,
galmaz ýaly çökerilen dyzyna.

Bilýän, gepe düşen azalar, ýöne
gaharyň getirjek köpeler salyp
ýeňsäňden daş-kesek, bolsgusyz gepi,
gahar – kapyr diýipdiler köneler,
jylawlap bilmeseň, gaçar ol alyp,
baş bermejek bedew ýaly ýabany,
pylçap urjak gaty ýere bigüman,
alla, gepe düşmez ynsandan aman!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024