Ýolda ýazylan goşgy
Ýola çykman ýeten barmy menzile,
ýa-da gören barmy seretmän öňün?
Nirä barar bir kysmata ynanan,
hemem ýaşap ýören oýlaman soňun?
Dogry, çäre bolmaz şor bolsa maňlaý,
ýöne ömür beren däl beýle zalym;
Ol saňa aň-üşük, zaman eçilýär,
galany seň işiň, daýhanmyň, alym!
Ýöne ekin gögermeýär başyna,
diňe tohum atyp, duranyň bilen;
Hiç mahal deň bolmaz okan, öwrenen
hem ölmezden ozal kepene gelen.
Gul bolmak isleseň ýa islemeseň
öz erkiňe eýe bolmak, dikelmek;
Başyňy eg, iki bükül ýa ýylgyr,
geziber islemän hiç zady bilmek...
Ýola çykman ýetilmeýär menzile,
ýöne käte menzil gelýär işige.
Sen ony daş çykyp, garşy almaly,
ýogsa çörek degmän biler dişiňe...
()