Agyr asyr
Sen başyňy urar ýaly, daş diwary gözleme, han,
daş diwarlar goralýarka polis bilen ýaragly, kän,
oka meniň belliklerim, gapmankalar garagyňy,
seljerjek bol nirelerde geçip bildim diwarlardan,
nirelerde geçip bilmän, ýaralanyp ýykyldym men,
ýa haýsy ok kän entetdi, kän agyrtdy janymy, han,
ok okmy ýa töhmet oky, dökdi meniň ganymy kän,
düşünjek bol, meniň ejem haýsy okdan wepat boldy,
ýa-da kakam haýsy okdan näçe ýyllap ölmän öldi,
ýa-da nädip türmä düşdi ulus iller, az-owlak däl,
bizi nirä alyp geldi, indi nirden çykarjak päl,
sen başyňy ýarar ýaly, gara diwar gözleme, han,
hem ynanma gygyrýana, yzda durup, öňe düşmän,
sebäp asyr agyr asyr, manat boldy din hem iman.