Gylyksyzyň gylygy
Gaýtaladyp gowy görýän sözüni,
kim bolsa-da zäherledýän özüni,
hatda ýüz müň maşyn eçilseň, gaçsaň,
kowar yzdan açman ýumuk gözüni.
Işdä gowy, belki, çenin bilýäne,
çenini bilmeýän batar baş işde,
baý bolan gedaýa gyzma, öz-özi
öz başyna ýeter irde ýa giçde.