Galam ýazgydy
Men henizem düýşde dolanýan yza,
huşumdaky serhetleri bozýaryn,
olar maňa aşagynda garaşýar
Orus bazarynda dikilen daryň...
Gaçýaryn, kowýarlar, gutulýan ýene,
zyňan daşlary-da ýetmeýär, şükür.
A soň metbugatda degýär göwnüme,
öňki galamdaşym, niýeti bükür,
içigara diýip, diýip kän zady,
emma men ýene-de dolanýan yza,
sebäbi goýmaýar hasraty, dady,
talanan watanym, çökerlen dyza,
galam alan günüm elime, belki,
alypdyryn soňsuz gaýgy, alada,
gorkýan, gidemsoňam gelerin, alla,
ýatyp bilmän gözüm ýumup galada.