Hassalyk

Olar atalaryn sylamaýarlar,
olar enelerin sylamaýarlar,
olar ejelerin sylamaýarlar,
olar kakalaryn sylamaýarlar,
olar bajylaryn sylamaýarlar,
ejir çeken bilip, bilmän sebäbin,
sylamaýar olar öten-geçeni,
çagalaryn sylamaýar, belki-de,
sylamaýar gelejegin olaryň,
şonuň üçin çyna derek, eý, aman,
oýnaýarlar çynyň donuny geýip,
arkasyndan urup dogan-doganyň,
ýa dostlaryn satyp, duzuny iýip,
ýa çyn näme bilmeýärler, gykylyk,
galmagal etseler, dymsa düşünýän,
ýa utansa utanç näme bilýänler,
gomalýarlar ýeňen, edermen bolup,
ýüzlerini açyp, ýa-da bukulyp,
basgylaýar olar özlerin hatda,
dilini sylaman, sylaman ilin,
indi gaýdyp görmejek dek aýatda,
sebäbi beýleki öňürdip baryp,
aljak ýaly ak aýynyň derisin,
tutulmadyk, soýulmadyk entejik,
işe derek, leňňeç ýaly tutulan,
biri-birin çekýär aşak, utanman,
oýna girip ýa-da girmän utulan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024