Surat

Haýyş

Arkamdaky döwlüp galan pyçaklary aýryşsana,
doganym ýa dostum bolup, gapyl wagtym zyňylan;
arkamdaky döwük-ýenjik gyçaklary aýryşsana,
agzybirlik, millet diýip, ýylgyryp sözlemän ýalan?!

Men bilýän-ä, düşünýän-ä, okadym-a taryhy-da,
bar sebäbi ýeňlişleriň olja ýa-da şöhrat dälmi?
Biz bu dünýä düýn, öňňun däl, öňüräjik geldik ahyr,
okaýas-a bilmesegem, görmesegem ynsan pälni?

Arkamdaky kesmek baglan ýaralary gaşaşsana,
ganatma-da, emaý bilen, ýüregime batyp duran;
hem hak diýmän, hudaý diýmän, biraz odun daşaşsana,
ýogsa ertir, gyşdan çykman, bolaýmaýyn hudaý uran?!.

15.01.2021-15.05.2021.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024