Basybalyjy we sen

Eli ýaragsyzy urup, uşadyp,
paltasynyň hakyn soran öldürip,
soň özüne beýik diýýän adama
ýa topara, zordan ýüzüň güldürip,
haçana çen ýaşap bolar baş egip,
uly dogan diýip ýa-da han-begim?

Ýa ýokardan, ýa kembaha garama,
pikir etme, goýberer ol ýakaňy,
ýa çykarar batgasyndan öz batan,
çekýärkä tersine içine hapaň,
dogry, baýa bähbit, pukara – watan,
emma ataň bolsa eli paltaly,
iş ediner içden, daşdan ýykmagy,
opurmagy aň-düşünje galasyn,
garşy çykan günüň bolarsyň asy,
a soň ýalan sözi aýdyp görmedik,
başgalaryň ýalanyna gyzaran,
gözel iliň dymyp bolsa ýalançy,
ikiýüzli bolsa basyp alan dek,
garaşma azalar, üýşener haýýar,
Magtymguly aýdypdyr-a biljege,
kim özüni näme bilýär, kim saýýar.

Hiç kembaha ýa ýokardan garama,
özi bilip gitmez bir alan basyp,
iň bolmanda TW-sine aňalma,
akyl satsa özün asmandan asyp!?.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024