Çözgüt
Sözüň azatlygy nire,
özgürligi nire onuň,
ýa sen nire, adam ogly;
deňeşdirsem çatma bilen
daşdan salnan howly ýaly?
Bir söz aýtsam, az bolup dur,
iki söz kän ýa-da artyk,
bir ýarymyn tapamok men,
üstesine seniň dowluň,
müňkürligiň basýar aşak,
iň gowusy geplemezlik,
ýa geçmeli görseň sowlup...