Iş wagty
Delil gutaranda ýa-da,
tükenende sözüň güýji,
haltadaky süzme ýaly,
çörek ýaly saçakdaky,
ajy ajy bolmasa hiç,
ýa bolmasa süýji süýji,
çyplak ýalan donly bolsa,
utanjyndan dymsa millet,
gygyrsa birleri gataldyp sesin,
alma many, mantyk diýip mugtuna
tesellisin öz-özüne näkesiň.
Wagtyňy ýa sagadyňy ýitirme,
ýitirme hiç rahadyn ýüregiň,
bu bir iş wagtydyr, aýdan Pyragy,
gaý-tupanda döwmejek bol küregiň,
sebäbi gaýygyň agsa bir ýana,
ýa ugruňy, utgaň ýitirseň gaýda,
ilki özüň daýanmasaň özüňe,
ýetişjek ýa biljek bolmaz golaýda.