Päl howpy

Pyşyrdardy adam pahyr, ýadymda,
bary-ýogy bir ýöňkeme üýtgedip:
päliň bolsun ýoldaşyň, heý,
pälim bolsun ýoldaşym, waý,
diýerdi ol gargaýan dek birine,
ýa-da alkyş okaýan dek, belki-de,
diýmek päliň, niýet nämede bolsa,
bolmaly ol seniň bilen bakyýa,
şonuň üçin, belki, gargyş gerek däl,
ýa owadan alkyş gerek däl başga,
adam öz pälinden gutulmaz gaçyp,
her gün bet niýetden durmasa daşda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024