Aklyň bolsa
Aklyň bolsa, akyl berme adama,
sebäbi Jebraýyl paýlanda ozal,
bolmaz ýaly artyk berdiň, kem berdiň,
her kimiň gabyny dolduryp beren,
oýmakly gelenler oýmak dolusyn,
käseli gelenler käse dolusyn,
şakäseli, jamly gelen jam doly,
küýzeli gelenler küýze dolusyn,
çuwally gelenler çuwal dolduryp,
alyp giden berlen akyl paýyny,
seniň aklyň üçin ýer ýok olarda,
sil alsa-da, gurar pesden jaýyny.