Hukuk döwleti

Uly ýolda polis saklady bir gün,
adam diýdi näme günäm bar meniň?
Seniň günäň – meniň çagalarym bar,
geýdirmeli, iýdirmeli bol-elin,
aýlyk bilen, bilýäň, bolanok bular,
üstesine jaý salamly gowurak,
hakymy ber, git ýoluňa, bermeseň,
durmuş şeýle, men başlygyň, sen - durak!

Meniňem çagam bar, ýalbardy adam,
bol-elin däl, zordan çöregim tapýan,
talamaň-a dogan, hökümet bolup...
Dur, dur indi, agraltma-da günäňi,
şu atan töhmetiň muzduny töle!
Wah, ýene ýalňyşdym, näçe bolýar ol,
Başlyk bilen bölüşmeli, bir göle!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024