Adam we gowulyk

Düşünje bolmasa adamda jinnek,
aňlamasa ýagşy bilen ýamany,
at-abraý näme, bilmese asla,
düşünmese ar-namysa, mertebä,
ýa metrebe bilse maly, dünýäni,
talasa, tozdursa ejiz, naçary,
hiç çyn sözi golaýyna getirmän,
ýalan bilen bolsa ýassykdaş baky,
gowulygyň bary ölýär, ýok bolýar
gowy doglan adamdaky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024