Heder saçagy

Erki elden alynan il ýüz ýyllap,
hem asylan boýnundan däl, dilinden,
eger ýalan sözlemese, dymmasa,
kül üstünden Kap dagyna sereder,
çemin tapsa deper, gapar, ogurlar,
buz üstünde tozan arar, şer eder,
esasy mesele bahyllyk hemem
hojaýyndan gorkar ölümden beter,
gorkar onuň gorkuşyndan ilinden,
a soň ömür näme bişirsin, iýsin,
nahar iýmez, iýer heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024