Ýeke-täk wezipe

Ýok, sen ýykyşmaga gelmediň ýurdy,
gelmegiň hiç talamaga, almaga
ýetimiň, naçaryň elinden hakyn,
duruşmaga geldiň, uruşmaga däl,
aý, bolýa-laý diýmän daş bolsa ýakyn,
ýa gelmediň ýol başynda galmaga,
busulýarka ýerden turmaga geldiň,
ýöne hergiz sümmejek bol gürmege,
aýagyň bar, ýöremäge ýol gözle,
eliň bar, diliň bar, gurmaga geldiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024