Millet we söz azatlygy
Saňa däli, tentek ýaly sereden,
ýa-da seretmedik, görmedik seni,
toý-tomaşa, meýlis bilen başagaý,
ýa-da, walla, çagasy bar, işi bar,
başgalaryň baryn, ýogun agzama,
ýa-da görmezlige, bilmeze salan,
oýun eden çyna garşy her zaman,
ýa ýalançy diýen bolýan bu dünýä,
ýa-da ähli zady hudaýa goýýan,
gülýän sözüň azatlygyn agzaňda,
eli gelse ilin mal ýaly soýýan,
aglar, belki, kürsüsinden düşende,
ýöne millet, dogry sözliň dosty däl,
pikir etmez ýyllap boganda seni,
el bilen däl, dili bilen, goldaman,
nähili ýaragyn oksuz goýanna,
hem suw daşap gury däriň üstüne,
senden görer sesine suw guýanny.