Gowy döwür
Sen hemişe taýýar bolup bilmersiň,
ýa bilmersiň kim nireden topular,
üstün çykjak bolup, bolup edermen,
eger bolsa gapyl basyp, galdyrman,
ýa-da tapyp iň agyrtjak ýerini,
ýöne durmuş her salganda pyçagyn,
ýa-da çala görkezende şerini,
görkezýändir ejizligin ynsanyň,
nädereje çuňa giden pesligi,
aýdylana, telperligiň ýok soňy,
ýa kim, näme göteripdir mesligi.
Sen hemişe çaklap, bilip bilmersiň,
haýsy-haçan, kimiň näme zyňjagyn,
degse deger, ýa degmesin, agyry,
yzalary çykmaz, gitmez teniňden,
bejerseň-de emin, ýomun öwrenip,
görmelini görmän, aldasaň özüň,
durmuş seni aldar her gün çeniňde,
gara ýanyk eder umydyň, sözüň
gözlese-de tapmaz manysyn adam,
sapak-dersin bişirmese her közüň,
zähmet edip, azap edip höwrüni,
tomaşaçy bolsa gözlerin daňyp,
gören bolmaz dünýäň gowy döwrüni.