Surat

Göreşiň manysy

The most difficult thing in life is to know yourself. Thales

Sen ýurduňy ýitirersiň göreşseň,
ene-ataň galar yzyňda aglap,
mazaryna gumuň ýetmez ýeke pil,
emmaki bu öleniňden gowudyr,
gowudyr galandan ýurduňda diri,
egniň gysyp, aýagasty, bigäne
özüňe, çagaňa, il-güne ölýän,
kanagatly, aýdyp bilmän sözüni,
sen ýurduňy ýitirersiň, elbetde,
ýumup bilmän hudaý açan gözüňi,
gara başyň satyn alyp minnetden,
ýöne iň esasy ýurduň, milletiň,
gözel iliň ýitirmesin ogluny,
gyzlaryny, agyr, aýrylan ilden,
ýaşa onuň bilen ýat ilde, ýeke,
ýalňyz galyp, ölme göreşi taşlap,
hem göreşip, hiç garaşma dostluga,
ýeter ykrar etse bahyllar daşlap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024