Dymanyň haky

Eger meniň yzymdan,
eger onuň yzyndan
gelen bolsa KGB,
eger meniň ejemi
öldürseler zäherläp,
eger meniň kakamy
öldürseler zäherläp,
öý-ojagy ýykylanlar sanardan
ýa sanaman saklanardan kän bolsa,
pikir etme, ogry, dogry, galarsyň,
geler bir gün gyzyl jeepli KGB,
ne az, ne kän, zähmet hakyň alarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021