Arman

Saňa dözen ile dözersiň, başga
alaç tapman depelense, ezilse;
ýöne saňa gülenlere gülmersiň,
ejir çekip ölenlere ýylgyryp,
ýas ýerine içiň gülüp gelmersiň,
arman käte sessiz, içden aglarsyň,
ýa aglaman ýürek-bagryň daglarsyň,
saňa dözen ile dözersiň, taşlap,
rysgalyňy ýat illere baglarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021