Arsyzyň ary

Iliň ýokdur, ýatda sakla,
azan hana garşy dursaň,
ýatan wagty busup halkyň,
ýeke, ýalňyz baş galdyrsaň,
diýseň dile gelen sözi,
berç bolansoň ýüregiňde,
iliň ýokdur, ýatda sakla,
hem tersine, küregiňden
aslyşjak ýa atjak kändir,
hökümetiň ýaragyndan,
ozal gorkup ýa ýigrenip,
gezen dostlar batyr bolar,
ýykylaňda, ýatda sakla,
arsyz senden aryn alar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021