Göreş we oýun
Döwlet maşynynyň öňünde durup,
ýykylyp, sürüşip, sarkyryp ganyň,
saklajak ýa haýallatjak bolaňda,
garaşaňda hiç gelmedik, bilmedik,
görmedik bolanlar ertir ikinji,
üçünji birini satar emgenmän,
düşünip ýa jany durman turanda,
altmyş, ýetmiş, ýüz ýyl ozal bolşy dek,
ýa bolşy dek has aňyrdan, gadymdan,
meger, şonuň üçin dyza galýan ýok,
oýnaýan kän öz oýununy alaçsyz,
ýöne ýüki gerdenine alýan ýok...