Pikir etme, tötänlikdir...
Always be a poet, even in prose. Charles Baudelaire
Pikir etme, tötänlikdir geleniň,
pikiri etme, tötänlikdir öleniň
ýa-da ölmän zyndanynda KGB-äň,
birki gezek aman-esen galanyň,
gutulanyň zäherlände hökümet,
duzak gurup duzuň iýen bilen,
pikir etme, tötänlikdir duşmanlar,
ýa puşmanlar, ak gijeler Bergende,
dik oturyp, ýatyp bilmän çekilen,
soňra lakam bilen pitçiň atýanlar,
ýa-da açyk, ady bilen nadara,
garalajak bolýan tämiz adyňy,
pikir etme, tötänlikdir, hiç haçan
hiç zat bolmaz bir sebäbi bolmasa,
sen söýene minnetdar bol,
minnetdar bol sögenlere has beter,
gahar erme eger-eger,
uly, kiçi öýke-kine saklama,
kimem bolsa, aman gezin, ýaşasyn,
sebäbi bu açyk, aýdyň, jedelsiz,
eder-eder, her kim özüne eder,
üstesine alamaty, nyşany,
betpäl senden edýär heder,
hemem sapak berýär alla,
ýa-da hudaý, ýa ýaradan, gök taňry,
diýýän ýaly azap etme,
hiç azaba degmejege,
agyrmasyn ýürek-bagryň,
dökme nähak gözýaşyňy,
pikir etme, tötänlikdir bileniň,
kim we näme awy etjek aşyňy!