Milli tejribe

The root of all evil is 'I', 'Me', 'Mine'. Pio of Pietrelcina

Ýurt mekdepde, maşgalada gurular,
ösdüriler, berkidiler her sagat,
ýokardan gurulmaz, köşki-eýwanda,
öz-özüňi aldap, bolup hoşwagt,
sylag, serpaý ýapyp uly ýalana,
ýurt gurulmaz pal atylyp, satylyp,
satyn alyp her özüni satany,
mekdep bilen maşgalada ýykarlar
ertir hemmä dowzah boljak watany.

Ýurt mekdepde, maşgalada gurular,
ýa ýykylsa, ýykylýandyr şol ýerden,
ene-ata çagasyndan has möhüm
iş edinse gybat bilen ýalany,
a mekdepde dürs adam däl, diplomly
ýaranjaňlar sapak berse, galamy
kütek bolar ýazyjynyň, şahyryň,
satlyk bolar žurnalisti milletiň,
men-men diýer soň gürletseň barysy,
diňe dymyp çekmek galar minnetin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024