Aňsat ýasalýan zatlar
Eger senden ýasasalar gahryman,
şeýle kär bar, bolan, bolar ýene-de,
birlerine gereklisiň bir pursat,
hapa suwdan geçmek üçin, aýdaly,
aýakgaby gury saklap,
eger senden ýasasalar edermen,
ýatda sakla, ertir ýasarlar haýyn,
gerek bolsa başga birini aklap...