Arzan ömür
Üýtgeşijek gaba salnan, owadan
suratlaryň aşagynda naşyja,
awy kändir dükanlarda bal diýip,
şeker diýip, gowy baha berilýän,
alyber sen puluň ýetse, ýetmese,
uzakly gün, gan, der bilen gazanan,
ýa-da seret her hilije tomaşa,
oýun, kino, söhbetdeşlik dilujy,
ýalany kän elmydama çynyndan,
wagtyňy, puluňy aýama asla,
gulak as öňýeten sözlese toslap,
öz sözüne ynanmadyk hiç mahal,
öz oýnuny oýnan bazar dellaly,
nämeleri diýmez aňalan bolsa,
ýerden tapan bolsaň ömür bägüliň,
tapawudy näme kim ýolsa, alsa?