Manysyz çekişme
Jogap bermän gitmek mydam,
ýa çekilmek çekişmeden,
gatnaşmasaň üýşüp, ýeke,
basylmak däl gep-gürrüňde,
delil ýa söz tapman artyk,
aýdar ýaly, diýer ýaly,
subut etjek bolup hakyň,
ýa nähakyň hak bilinen,
many, mazmunyny ýitirse adam,
garşyňdaky, belki, uly özüçe,
seniň üçin birden ýa-da kem-kemden,
söz zaýalap, wagt ýitirmek gerekmi,
her kim muny sorap biler özünden.